Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada geçiriljek dabara Goranmak ministriniň gatnaşjakdygyny mälim etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada geçiriljek dabara Goranmak ministriniň gatnaşjakdygyny mälim etdi
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň paýtagtynda geçiriljek dabaraly harby ýörişe ýurduň harby gullukçylarynyň gatnaşjakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyp bilmeýändigini aýtdy.

TDH-nyň habar bermegine görä, munuň özi türkmen Lideriniň 29-njy iýunda 63 ýaşynyň dolmagy, ýagny Muhammet pygamberiň ýaşyna ýetmegi bilen baglanyşyklydyr. “Milli däplere laýyklykda, bu sene maşgalaň, dogan-garyndaşlaryň we ýakynlaryň hem-de tutuş halk bilen bilelikde bellenilýär” diýlip, habarda aýdylýar.

Habara laýyklykda, häzirki döwürde koronawirus ýokanjynyň dowam edýändigini nazara alyp, oňa garşy täze karantin çäreleri ýola goýuldy. Onuň düzgünine laýyklykda, daşary ýurtlardan sapardan gelen her bir adam iki hepdeläp karantin ýagdaýynda bolmaly. Bu bolsa, daşary ýurtlara sapara gitmegiň mümkin däldigini alamatlandyrýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň paýtagtynda geçiriljek dabaraly harby ýörişe ýurduň harby gullukçylary gatnaşjakdygyny belledi. Goranmak ministri, general-maýor Begenç Gündogdyýew Türkmenistanyň Moskwada geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşjak wekiliýetine ýolbaşçylyk eder.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary dürli ugurlarda ägirt uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan däp bolan döwletara hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de täze mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirdiler.

2022