Türkmen kompaniýalary ýerli önümleri täzeden işlemegi ýola goýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýalary ýerli önümleri täzeden işlemegi ýola goýýar
“Aýly ýaz” hojalyk jemgyýeti miweleri we ir-iýmişleri täzeden işläp, “TERI” haryt nyşanly kompotlary öndürip başlar.

Ýerli gök önümleri konserwirlenen görnüşde öndürýän türkmen kompaniýalary täze önümleriň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.

“NUR” haryt nyşanly konserwirlenen gök önümleri hem-de üwmeçleri öndürýän “Owadan ülke” kärhanasy kädi we beýi džeminiň önümçiligine başlady. Şeýle-de kärhana garpyzdan, gawundan, almadan hem-de käşirden mürepbe önümçiligini ýola goýmaga taýýarlanýar.

Habara görä, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän kärhanada her gün marinada ýatyrlan önümleriň sekiz tonna golaýy gaplanýar. Kompaniýa konserwirlenen gök önümleri “Mylaýym” haryt nyşany bilen hem öndürmekçi. Şeýle hem kompaniýa sarp edijilere öndürilýän önümleriň 20 görnüşini hödürlemekçi bolýar.

Ak bugdaý etrabynda ýerle\ýän “Bakja söwda” hususy kärhanasy täze önümiň ilkinji tapgyryny – “Wýoşenka” kömeleginiň marinada ýatyrlan görnüşiniň 20 müň gabyny öndürdi. “Bakja söwda” türkmen bazarynda doňdurylan ýarym taýýar önümleriň, şeýle hem doňdurmalaryň önümçiligi bilen tanalýar.

Iki ýyl mundan öň kompaniýa gök önümleriň hem-de miweleriň konserwirlenen görnüşleriniň önümçiligini ýol goýdy. Şu ýylyň täze önümi – içinde ýertudana hem-de wişnýa džemi bolan doňdurmalardyr.

Şeýle-de Daşoguz welaýatynda “Aýly ýaz” hojalyk jemgyýeti miweleri we ir-iýmişleri täzeden işläp başlady. Şu möwsümde kärhana “TERI” haryt nyşanly bir dürli kompotlary hem-de aýna gaplara gaplanan assorti görnüşlerini öndürip başlar.

Dört sany önümçilik ulgamyny ýola goýan “Aýly ýaz” tomat pastasy, miwe şiresi, mürepbe, kompot, marinada ýatyrlan gök önümleri we ketçup ýaly önümleri öndürýär. Möwsümiň dowamynda kärhana 300 tonna golaý konserwirlenen önümi öndürmegi meýilleşdirýär.

2022