Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Abdul Latif bin Raşid Al Zaýani bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeleri geçirdi, bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Bahreýniň DIM-niň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle-de abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki özara hereketleriň ýygjamlaşdyrylmagy dogrusynda pikir alyşdylar.
Diplomatlar Aşgabadyň we Manamanyň syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegine, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Sebitleýin gün tertibi hem-de iki döwletiň koronawirus pandemiýasyna garşy giň gerimli göreş alyp barmaga gönükdirilen tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň wajyplygy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň Alym-lukmanlaryň Geňeşiniň döredilmegi hem-de ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň ulanylmagy baradaky başlangyçlarynyň derwaýyslygyny aýratyn nygtadylar.
Şeýle-de bilelikdäki işewürlik-forumlarynyň guramaçylygynyň, energetika we gazhimiýa ýaly ileri tutulýan pudaklarda hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi. Häzirki tapgyrda Türkmenistanyň we Bahreýniň dürli döwlet hem-de hususy ulgamlarynyň wekilleriniň onlaýn görnüşindäki gepleşikleriniň geçirilmeginiň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.