Aşgabat we Manama söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we Manama söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler
Aşgabat we Manama söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Abdul Latif bin Raşid Al Zaýani bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeleri geçirdi, bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Bahreýniň DIM-niň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle-de abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki özara hereketleriň ýygjamlaşdyrylmagy dogrusynda pikir alyşdylar.

Diplomatlar Aşgabadyň we Manamanyň syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegine, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Sebitleýin gün tertibi hem-de iki döwletiň koronawirus pandemiýasyna garşy giň gerimli göreş alyp barmaga gönükdirilen tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň wajyplygy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň Alym-lukmanlaryň Geňeşiniň döredilmegi hem-de ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň ulanylmagy baradaky başlangyçlarynyň derwaýyslygyny aýratyn nygtadylar.

Şeýle-de bilelikdäki işewürlik-forumlarynyň guramaçylygynyň, energetika we gazhimiýa ýaly ileri tutulýan pudaklarda hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi. Häzirki tapgyrda Türkmenistanyň we Bahreýniň dürli döwlet hem-de hususy ulgamlarynyň wekilleriniň onlaýn görnüşindäki gepleşikleriniň geçirilmeginiň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.

2022