Türkmenistan Russiýanyň kärhanalaryndan derman serişdelerini satyn alar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Russiýanyň kärhanalaryndan derman serişdelerini satyn alar
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana birleşigi wirusa garşy derman serişdelerini satyn alar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana birleşigine wirusa garşy derman serişdeleriniň zerur bolan möçberini satyn almak barada Russiýa Federasiýasynyň derman serişdelerini öndüriji kärhanalary bilen şertnamalary bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara çarşenbe güni gol çekdi diýip, TDH habar berýär.

Karara Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny, “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, ilatyň saglygyny berkitmek we ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri has-da güýçlendirmek maksady bilen gol çekildi.

Türkmenistanda “Saglyk” Döwlet Maksatnamasy 1995-nji ýylda kabul edildi. Bu maksatnama kabul edilen gününden bäri saglygy goraýyş ulgamynda tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň sişenbe güni ýaýradan metbugat beýanatyna görä, ilata muzdsuz esasda adamyň immunitetiniň berkidilmegine ýardam edýän esasy lukmançylyk serişdeleri bilen yzygiderli üpjünçiligiň ulgamy guraldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022