Türkmen hususy ekerançysy 100 gektar ýere çereşnýa bagyny ekdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen hususy ekerançysy 100 gektar ýere çereşnýa bagyny ekdi
“Lezzetli Miwe” hojalyk jemgyýeti häzirki güne çenli kompaniýa degişli 200 gektar ýerde şetdaly, alma, çereşnýa ýaly miweli baglaryň birnäçesini ösdürip ýetişdirdi.

Geçen ýyl ilkinji hasylyny ýygmaga başlan “Lezzetli Miwe” hojalyk jemgyýeti şu ýyl 100 gektar ýere çereşnýa ekdi.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Sapargeldi Dolyýew “Rysgal” gazetinde duşenbe güni çap edilen makalasynda häzirki güne çenli kompaniýa degişli 200 gektar ýerde şetdaly, alma, çereşnýa ýaly miweli baglaryň birnäçesini ösdürip ýetişdirendigini belleýär.

“Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň “A.Tahyrow” daýhan birleşiginiň çägindäki ekin meýdanlarynda damjalaýyn suwaryş ulgamy arkaly suwarylyp, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmaga hem-de daşky gurşawy gorap saklamaga ähmiýet berilýär” diýip, Dolyýew belleýär. “Munuň netijesinde bu ýerde ýetişdirýän miwelerimiz hem aýratyn datly tagama eýe bolup, ak bazarlarymyzda alyjylaryň ýokary isleginden peýdalanýarlar”.

“Lezzetli miwe” hojalyk jemgyýeti onlarça gektar ýerde ösdürilip ýetişdirilen şetdaly agaçlaryndan ýakyn wagtda bol hasyl ýygnamagy we ony ýerli bazarlarda amatly bahalardan ýerlemegi maksat edinýär.

Hususy ekerançylar 2016-njy ýylda özlerine degişli bolan meýdany özleşdirmäge başlady.

2022