ÝTÖB türkmen kompaniýasyna $2.5 million karz serişdesini berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB türkmen kompaniýasyna $2.5 million karz serişdesini berýär
“Ak Gap” Türkmenistanda PET preformalarynyň öňdebaryjy öndürijisidir.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky “Ak Gap” hojalyk jemgyýetine 2.5 million ABŞ dollary möçberinde karz serişdesini bermekçi. Bu barada geçen hepde ÝTÖB internet sahypasynda habar berdi.

ÝTÖB-e görä, bu serişdeler PET preformalaryny we nurbatly gapaklary öndürmek üçin bar bolan enjamlary döwrebaplaşdyrmak baradaky taslamasyny maliýeleşdirmekde ulanylar.

“Enjamlaryň döwrebaplaşdyrylmagy täze we ýeňil görnüşli preformalary, şeýle hem nurbatly gapaklary öndürmäge mümkinçilik berer” diýlip, habarda aýdylýar.

“Taslama laýyklykda, kompaniýa nurbatly gapaklaryň önümçilik kuwwatyny artdyryp biler. Önümçiligiň ýokarlanmagy goňşy ýurtlara nurbatly gapaklary eksport etmäge mümkinçilik berer” diýip, ÝTÖB belleýär.

Habara görä, taslamanyň umumy bahasy 3.5 million ABŞ dollaryndan ybarat bolup, onuň 2.5 million ABŞ dollary ÝTÖB tarapyndan üpjün ediler.

“Ak Gap” Türkmenistanda PET preformalarynyň öňdebaryjy öndürijisidir. Öz şahamçasy “Türkmen Penjire” kompaniýasynyň 50% göterimine eýe bolan hojalyk jemgyýeti plastik profillerini hem öndürýär.