Lebapda täze sement zawodynyň gurluşygyna badalga berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebapda täze sement zawodynyň gurluşygyna badalga berildi
Häzirki wagtda Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwaty 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen zawod hereket edýär.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürýän Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu barada “Altyn asyr” elektron gazeti sişenbe güni habar berýär.

Häzirki wagtda tutýan meýdany 37 gektardan gowrak bolan senagat zolagynyň tehiniki resminamalaryny düzmek, önümçilik we kömekçi desgalaryň düýbüni tutmak üçin meýdany taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Bu wajyp taslamany durmuşa geçirmek “Türkmen enjam” hojalyk jemgyýetine ynanyldy, diýlip, habarda berilýär.

Kärhananyň hünärmenlerine 2.5 ýylyň dowamynda uly möçberde gurluşyk we gurnama işlerini amala aşyrmak garaşýar. Şeýle hem tehnologiki we kömekçi enjamlary sazlamak, elektrik, suw, gaz we lagym üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny hem-de demir ýoluny gurmak “Türkmen enjam”-a ynanyldy. Sement zawodyny ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak 2022-nji ýylyň dekabr aýynda meýilleşdirilýär.

Habar görä, sementiň önümçiligi üçin ähli zerur çig mallar – hek daşy, palçyk, gips, kwars gumy hem Köýtendag etrabynyň çäginde gazylyp alynýar. Etrabyň çäginde 30-dan gowrak minerallaryň we beýleki gazylyp alynýan peýdaly maddalaryň bardygy tassyklanyldy.

2022