“Somo Al Mamlakah” kompaniýasy Türkmenistan bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Somo Al Mamlakah” kompaniýasy Türkmenistan bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar
“Somo Al Mamlakah” kompaniýasynyň wekilleri uzakmöhletleýin maýa goýum hyzmatdaşlygyna taýýardyklaryny mälim etdiler.

Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça wideo konferensiýa görnüşinde ýygnak geçirildi. Ýygnaga “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa”, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Saud Arabystanynyň “Somo Al Mamlakah” kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň resmi saýtynyň anna güni habar bermegine görä, gepleşigiň esasy maksady, maýa goýumlar ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Taraplar nebitgaz we bank işleri pudagynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada hem pikir alyşdylar.

Gatnaşyjylar gyzyklanma bildirilýän ähli ileri tutulýan ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy saklamak we ösdürmek boýunça gyzyklanmalaryny tassykladylar. Şeýle hem “Türkmengaz” tarapyndan amala aşyrylýan taslamalaryň işleri we durmuşa geçirilişi barada pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy daşary ýurt kompaniýasyna TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmak barada teklip edildi. “Somo Al Mamlakah”-yň wekilleri hem öz gezeginde uzakmöhletleýin maýa goýum hyzmatdaşlygyna taýýardyklaryny mälim etdiler.

Söhbetdşelikde “Türkmenhimiýa” döwlet korporasiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, şeýle hem “Somo Al Mamlakah” kompaniýasyny wekilleri dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar.

2022