Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň umumy bahasy 1 milliard 427 million manada deň boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat meseleleri boýunça orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde maglumat berdi.
Wise-premýeriň hasabatynda mälim edilişine görä, tutuş toplum boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 108,6 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi 106,5 göterim, Energetika ministrligi 104,2 göterim ösüş bilen önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirdiler. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni 120,3 göterim ösüş depgini bilen meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdi.
Şu ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 113,4 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 141,8 göterim berjaý edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan öndürilýän önümleriň möçberini yzygiderli artdyrmagyň we ýerine ýetirilýän işleri kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtap, elektrik energiýasyny öndürmekde we ony daşary ýurtlara eksport etmekde goşmaça çäreleri görmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan öndürilýän önümleriň hem ýokary hil ölçeglerine laýyk gelmelidigini belledi.
Mundan başga-da, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň öňünde maddy-enjamlaýyn binýady berkitmek, işleri häzirki zaman talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak wezipeleri goýuldy.
Hökümet mejlisinde şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenip, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.