Türkmenistanyň DIM-de adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryna seredildi

Türkmenistanyň DIM-de adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryna seredildi
Mejlise Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şenbe güni Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Türkmen DIM-niň habar bermegine görä, mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ýelena Panowa we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň Ýolbaşçysy Natalýa Drozd gatnaşdylar.

Pudagara toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek ugrunda Türkmenistanda 2020-nji ýylyň birinji ýarymýyllygynda durmuşa geçirilen işler barada gürrüň berdi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň, şeýle-de Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli Strategiýasynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Soňra Toparyň agzalary we halkara guramalaryň wekilleri, üstümizdäki ýylyň ikinji ýarymýyllygy üçin geljekki ädimleri we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyjylar adam hukuklarynyň goraglylygy ulgamynda milli maksatnamalaryň, meýilnamalaryň we kanunlaryň taýýarlanylmagy boýunça pikirleri, maslahatlary hem-de teklipleri alyşdylar.

Ileri tutulýan ugurlaryň arasynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasyny düzmek meselesi, neşirler we çap edilýän maglumatlar arkaly adam hukuklary baradaky habarlylygy ösdürmek, hem-de adam hukuklary bilen baglylykda bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak ýaly meseleler ýer alýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022