Balkanabat şäherinde jorap we ýüplük öndürmek bilen meşgullanýan “Batly gadam” hususy kärhanasy şu ýyl 2,300 gektardan gowrak meýdanda gowaça ösdürip ýetişdirdi.
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginden hususy kärhana 11 müň 589 gektar meýdan bölünip berildi. Geçen ýyl “Batly gadam” tarapyndan özleşdirilen 8 müň 827 gektar meýdanyň 1 müň 750 gektaryna pagta ekilipdi.
“Türkmenistan” gazetiniň duşenbe güni habar bermegine görä, kärhananyň boýag bölüminde her gije-gündizde dürli reňklere boýalýan ýüplükleriň öndürilişiniň umumy möçberi 5 tonna deňdir.
Jorap önümçiligi bölüminde bolsa, gije-gündiziň dowamynda taýýarlanylýan jorap jübütleriniň sany 50 müňe barabardyr. Bu ýerde ýokary hil ülňülerine laýyklykda taýýarlanýan ýüplükler Türkiýe, Azerbaýjan, Russiýa, Gazagystan ýaly döwletleriň işewürleri kärhananyň ýüplüklerine isleg bildirýärler.
Pagtadan öndürilýän ýokary hilli ýüplükler, jorap önümleri ISO toparynyň halkara ekologiki standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýär.