Türkmen tikinçilik kärhanalary mekdep eşikleriniň toplumlaýyn önümçiligine girişdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen tikinçilik kärhanalary mekdep eşikleriniň toplumlaýyn önümçiligine girişdiler
“Ahal” tikin fabriginde erkekler üçin mekdep eşikleriniň, Marynyň “Ýeňiş” fabrigi bolsa, ak köýnekleriň tikinçiligine başlady.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde mekdep okuwçylary üçin egin-eşikleri öndürmäge başlady.

“Altyn Asyr” elektron gazetiniň çarşenbe güni habar bermegine görä, bu işe ilkinji bolup, Aşgabadyň tikin fabrigi girişdi.

Paýtagtyň zenanlar üçin eşikleri tikmäge ýöriteleşdirilen “Bahar” tikin kärhanasy ak öňlükleri, mekdep köýneklerini we penjeklerini, şeýle-de zähmet dersi üçin halatlary we öňlükleri tikmäge başlady.

“Ahal” tikin fabriginde erkekler üçin mekdep eşikleriniň, Marynyň “Ýeňiş” fabrigi bolsa, ak köýnekleriň tikinçiligine başlady. Şeýle-de täze okuw ýylyna taýýarlyk işine Türkmenabadyň, Daşoguzyň we Berekediň tikin kärhanalary hem goşuldylar.

“Türkmen-Kalkan” bilelikdäki kärhanasy çagalar üçin birnäçe täze görnüşli aýakgaplary işläp düzdi we olaryň önümçiligine başlady.

Mekdep okuwçylary üçin ähli egin-eşikleriň we aýakgaplaryň tikinçiliginde ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa we gipoallergiki materiallar ulanylýar.

2022