BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Gökdepe etrabynyň ýerlerinde döwrebap tehnologiýalary synag edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Gökdepe etrabynyň ýerlerinde döwrebap tehnologiýalary synag edýär
Gökdepe etrabynda 6.2 gektar ýerde dürli suw tygşytlaýjy suwaryş ulgamlarynyň netijeliligini öwrenmek maksady bilen derňewleri gurnamak üçin şertler döredildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekde suwy tygşytlaýan suwaryş tehnologiýalaryny ösdürmäge uly üns berilýär. Munuň üçin dürli höwes dörediji, ýagny oba hojalyk ýerlerini uzakmöhletleýin peýdalanmaga bermek we oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikli karz pul serişdelerini bölüp bermek ýaly şertler döredilýär.

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň çarşenbe güni beren beýanatyna görä, Türkmenistanyň Suw hojalygy döwlet komitetiniň BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikdäki “Türkmenistanyň suw hojalygyny durnukly ösdürmekde energiýadan we dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak” taslamasynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 145 gektar ýerde synag geçirmek maksady bilen tehnologiýalar oturdyldy. Onuň 6.2 gektarynda dürli suw tygşytlaýjy suwaryş ulgamlarynyň netijeliligini öwrenmek maksady bilen derňewleri gurnamak we geçirmek üçin şertler döredildi.

Synaglar üçin meýdan spinkler suwaryş, damjalaýyn suwaryş we ýerüsti suwaryş ulgamlary oturdylan aýry ýerlere bölündi. Meýdançanyň ähli suwarylýan ýerleri suwaryş suwlaryny takyk hasaplamak üçin suw hasaplaýjylary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Bu ýerde “Türkmensuwylymtaslama” institutynyň we Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň alymlary we aspirantlary 2018-nji ýyldan bäri suwarymly ekerançylyk pudagynda synag üçin derňewleri geçirýärler.

Ýaş alymlaryň we aspirantlaryň geçirýän ylmy barlaglary diňe bir monografiýalary ýa-da ylmy işleri taýýarlamakda däl, eýsem suwarymly ekerançylyk pudagynda indiki meseleleri çözmäge mümkinçilik berer:

  • Dürli suwaryş usullary (damjalaýyn suwaryş, emeli ýagyş we ýerüsti suwaryş) usullary bilen ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň ykdysady netijeliligini kesgitlemek;
  • Dürli ekinleri ösdürip ýetişdirmek tehnologiýalary we suwaryş usullary (damjalaýyn suwaryş, emeli ýagyş we keş çekip suwarma) üçin kadalaryň täze standartyny taýýarlamak;
  • Dürli tehnologiýalary ulanmagyň oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde we suwaryş usullarynyň topragyň hasyllylygyna we duzlulygyna, şeýle hem drenaž suwlarynyň emele gelmegine täsirini kesgitlemek.
  • Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň we suwaryş usullarynyň dürli tehnologiýalary üçin energiýa sarp edilişini, şeýle hem atmosfera CO2 zyňyndylaryny kesgitlemek.

2020-nji ýylda damjalaýyn suwaryş we emeli ýagyş arkaly suwarma, şeýle hem maýyşgak şlangalary ulanmak bilen keş çekip suwarma ýaly suw tygşytlaýjy suwaryş usullary bilen şeker şugundyryny, mekgejöweni we gök önümleri ösdürip ýetişdirmekde synaglar başlady.