Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň Bahreýniň Daşary işler ministriniň halkara işleri boýunça orunbasary Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly çarşenbe güni duşuşygy geçirildi.
Türkmen DIM-niň habar bermegine görä, gepleşigiň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we daşary syýasy edaralaryň arasyndaky işjeň gatnaşyklaryň wajyplygy barada belläp geçdiler. Taraplar parlamentara gatnaşyklar we olary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada hem pikir alyşdylar.
Söhbetdeşlikde Bitaraplyk derejesine laýyklykda Türkmenistanyň alyp barýan sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy we ykdysady ösüşi saklamaga uly goşant goşýan daşary syýasy işiniň wajyplygy barada bellenip geçildi.
Şu ýylyň iýul aýynda geçirilen Türkmenistan bilen Bahreýniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşmeleriniň dowamynda ýetilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.
Diplomatlar Ykdysady, söwda, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-bahreýn toparynyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewürler toparynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerine, şol sanda maýa goýumlary çekmek, işewürler forumlaryny geçirmek, nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine seredildi.