“Şabat” süýt önümleri kärhanasy Daşoguz welaýatynda hususy fermasyny gurýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Şabat” süýt önümleri kärhanasy Daşoguz welaýatynda hususy fermasyny gurýar
“Şabat” kärhanasynda diňe bir aýyň dowamynda 100 tonna süýt gaýtadan işlenilip, süýt önümleriniň 500 müň manatlykdan gowragy öndürildi.

Daşoguz şäherindäki “Şabat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti boýunça şu ýylyň başyndan bäri 3 million 400 müň manatlykdan gowrak süýt we süýt önümleri öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 126 göterim ösüş gazanyldy.

“Türkmenistan” gazetiniň şenbe güni habar bermegine görä, ähli önümçilik ulgamlarynyň sazlaşykly işledilmegi netijesinde bu ýerde diňe bir aýyň dowamynda 100 tonna süýt gaýtadan işlenilip, ekologiýa taýdan arassa bolan süýt önümleriniň 500 müň manatlykdan gowragy öndürildi.

Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň çäginde bu kärhana degişli maldarçylyk fermasy gurulýar. Iri şahly mallaryň 1300-sini idetmäge niýetlenen bu fermanyň birinji bölegi ulanylmaga berildi. Şol ýerde mallaryň 400-e golaýy saklanylýar.

“Şabat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan yglan edilen “Ýylyň ekologiýa taýdan arassa önüm öndürijisi” atly bäsleşigiň ýeňijisi boldy.

1978-nji ýylda Daşoguz şäherinde işe başlan bu kärhana, 2014-nji ýylda maýa goýum bäsleşiginde jemgyýetiň 100% paýnamasyny “Ýüpek Ýoly Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti tarapyndan satyn alyndy.

2022