Türkmen Lideri bilen BSGG-niň ýolbaşçysy COVID-19-a garşy göreşmegiň çärelerine seretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri bilen BSGG-niň ýolbaşçysy COVID-19-a garşy göreşmegiň çärelerine seretdiler
Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna 28 ýyl mundan ozal agza boldy.

Türkmenistanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Gebreisus anna güni geçirilen wideomaslahatda COVID-19-a garşy göreş boýunça pikir alyşdy. Bu barada TDH habar berýär.

BSGG-niň ýolbaşçysy ýurt Baştutanyna dünýäde koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagyna garşy göreşmekde umumy tagallalara goşýan uly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow pandemiýa döwründe COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek ugrunda toplumlaýyn çäreleriň görlendigini belledi.

Döwlet Baştutany 22-nji maýda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny üpjün etmegiň Meýilnamasy döwlet derejesinde tassyklanandygyny aýtdy. “Bu Meýilnamada ýokanç keselleri anyklamak, bejermek we olaryň öňüni almak üçin zerur bolan maddy-tehniki binýady mundan beýläk-de berkitmek boýunça anyk çäreler bellenildi”.

“Türkmenistan täze görnüşli koronawirusa garşy göreşde tehnologiýalaryň elýeterli bolmagy üçin esas bolup durýan C-TAP platformasyny döretmek baradaky BSGG-niň teklibini goldap çykyş etdi” diýip, türkmen Lideri bu platformanyň COVID-19 ýokanjynyň gelip çykyşyny açyk-aýdyň açyp görkezmek, kliniki synaglaryň ähli netijelerini çap etmek, ylmy işleriň maglumatlarynyň adalatly paýlanmagy we elýeterli edilmegi üçin mümkinçilik hökmünde garalýandygyny aýtdy.

Gepleşikleriň barşynda türkmen Lideri täze koronawirusyň üýtgäp durmagy, täze görnüşleriniň döremegi hem möhüm mesele bolmagynda galýandygyny nygtady we BSGG-niň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny taýýarlamalydygyny teklip etdi.

Şeýle-de ýurt Baştutany BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça býurosynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça sebitleýin usulyny, BSGG-niň düzüminde Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek boýunça tekliplerini öňe sürdi.

Tedros Gebreisus teklipleriň BSGG tarapyndan hemmetaraplaýyn öwrenilip, Türkmenistan bilen bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny nygtady.

Döwlet Baştutany we BSGG-niň ýolbaşçysy onlaýn-maslahatyň ahyrynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de jemgyýetiň saglygyna abanýan täze howplara we wehimlere garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny bellediler.

Türkmenistan BSGG-na 28 ýyl mundan ozal agza boldy. 1995-nji ýylda ýurtda “Saglyk” döwlet maksatnamasy kabul edildi.

2022