Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen Hindistanyň täze ilçisi TOPH-y maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen Hindistanyň täze ilçisi TOPH-y maslahatlaşdy
Hindistanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Widhu Peethambaran Nair özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Peethambaran Nair bilen duşuşdy. Bu barada türkmen DIM-i habar berýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçen duşuşykda diplomatlar döwletara TOPH gazgeçirijisiniň ähmiýetini nygtadylar.

Şeýle-de taraplar syýasy-diplomatik we ykdysady ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna seredip geçdiler. Halkara guramalaryň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan netijeli gatnaşyklar barada aýratyn pikir alşyldy.

Ýola goýlan önjeýli dialogy mundan beýläk hem ösdürmekde özara gyzyklanmalaryny belläp, diplomatlar saglygy goraýyş, bilim, energetika we ulag ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri barada hem pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary geljekde hem işjeňleşdirmekde medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň orny barada belläp geçdiler.

Duşuşykda ilçi Widhu Peethambaran Nair özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ol bu wezipä şu ýylyň 13-nji iýulynda bellenipdi. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022