Türkmenabadyň hususy jorap kärhanasy täze önümçiligi ýola goýmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň hususy jorap kärhanasy täze önümçiligi ýola goýmakçy
Türkmenabadyň jorap kärhanasy önümçiligi giňeltmegi meýilleşdirýär.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde telekeçi Atamyrat Jumakulyýewe degişli jorap öndürýän kärhanada düzümi 75% arassa pagta bolan dürli reňkli joraplar öndürilýär. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti şenbe güni habar berdi.

“Joraplaryň uzak wagtlap hyzmat etmegi, ýuwlanda we geýlende deformasiýa bolmazlygy üçin olaryň düzümine öňdebaryjy öndürijileriň spandeks hem-de elastan ýaly elastik materiallary goşulýar”, diýip telekeçi Jumakulyýew belledi.

“Geljekde önümçiligi giňeltmegi, esasan-da reňk beriji sehini açmagy hem-de içki eşigiň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýäris” diýip, telekeçi geljekki maksatnamalary barada gürrüň berdi.

Kärhanada zenanlara, erkeklere, çagalara we ýetginjeklere niýetlenen ýokary hilli we dürli görnüşli baýramçylyk, gündelik we sport üçin geýilýän joraplar öndürilýär, diýip habarda aýdylýar.

Türkmenabat şäherindäki ilkinji jorap öndürýän kärhana 2017-nji ýylda işe girizilip, häzirki wagtda onda 42 adamdan ybarat topar zähmet çekýär.