Türkmenistan-Russiýa: derman senagaty ulgamynda hyzmatdaşlyk giňeldilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Russiýa: derman senagaty ulgamynda hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekilhanasy Türkmenistana Russiýadan derman serişdeleriniň, lukmançylyk enjamlarynyň hem-de şahsy gorag serişdeleriniň getirilmegini işjeňleşdirýär. Bu barada RF-niň Senagat we söwda ministrliginiň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

2020-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Russiýadan Türkmenistana bahasy ABŞ-nyň 7.8 mln. dollaryndan gowrak bolan derman senagaty önümleri getirildi.

Bu işleriň çäklerinde Tatarystan Respublikasynyň “Tathimfarmpreparaty”, “Tattehmedfarm” we “FarmMedPolis RT” ýaly kärhanalary aýratyn işjeňlik görkezdiler. Tatarystanyň kärhanalaryndan başga-da “FarmFirma“Soteks” (ş.Moskwa) kompaniýasyny aýratyn bellemek gerek. Bu kompaniýa ABŞ-nyň  571 müň dollaryna deň bolan lukmançylyk serişdelerini ýurdumyza iberdi. “Korporasiýa “Roshimzaşita” hem (Tambow oblasty) ýerleşýän kompaniýasy 30 müň toplumdan ybarat şahsy gorag serişdelerini eksport etdi.

Şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana birleşigine wirusa garşy derman serişdeleriniň zerur bolan möçberini satyn almak barada Russiýa Federasiýasynyň derman serişdelerini öndüriji kärhanalary bilen bellenilen tertipde şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.