Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanunyň taslamasy makullandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanunyň taslamasy makullandy
Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusion toparyň kararyna gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň wideomaslahat görnüşinde mejlisini geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz çykyş edip, konstitusion özgertmeleriň wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň – Halk Maslahatynyň we Mejlisiň (parlamentiň) döwrebaplaşdyrylmagyna we kanun çykaryjy edaranyň iki palataly düzüminiň döredilmegine gönükdirilendigini belledi.

Bu wezipeleri çözmek üçin döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň sentýabr aýynda gol çeken Permanyna laýyklykda Esasy Kanuna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topar döredildi. Raýatlaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we ýerli häkimiýet edaralarynyň teklipleri hasaba alnyp, degişli Konstitusion kanunyň taslamasy taýýarlanyldy we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ara alyp maslahatlaşmak üçin çap edildi.

Toparyň mejlisinde Konstitusion kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabatlar diňlenildi. Bu işler Mejlisiň deputatlaryndan, degişli ministrliklerinden, pudaklaýyn we ylmy edaralardan, okuw mekdeplerinden, syýasy partiýalardan, şeýle hem jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlardan gelip gowşan teklipler hasaba alnyp geçirildi.

Türkmenistanlylar tarapyndan makullanylan we goldanylan bu kanunçylyk taslamasyna laýyklykda Esasy Kanundan bir maddany aýyrmak, 3 maddany goşmak hem-de 27 madda degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada çözgüt kabul edildi. Täze iki palataly parlamenti – Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň palatalaryny bolsa –Halk Maslahaty we Mejlis diýip atlandyrmak baradaky teklip hem halkyň uly goldawyna eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusiýamyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamak boýunça jogapkärli işlere işjeň gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirip, umuman, bu işi tamamlandy diýip hasap etmek bolar diýip aýtdy.

Indi bolsa tutuş ýurdumyz boýunça ýerlerde umumymilli forumyň garamagyna hödürlemek üçin öňde boljak Halk Maslahatynyň wekilleri bilen Konstitusion kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak çärelerini geçirmek gerekdir. Halk Maslahatynyň makullan ýagdaýynda, taslama Mejlisiň garamagyna iberiler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak hem-de ony Halk Maslahatyna hödürlemek hakynda Konstitusion toparyň kararyna gol çekdi.