Aşgabat we Buharest energetika we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we Buharest energetika we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürýär
Gepleşikleriň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleriniň ençemesi boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde çarşenbe güni Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň hem-de Rumyniýanyň Ykdysadyýet, energetika we işewürlik gurşawy ministri Wirjil-Daniel Popeskunyň arasynda onlaýn gepleşikleri geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, gepleşikleriň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleriniň ençemesi boýunça pikir alyşyp, taraplar COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyga, şeýle-de onuň emele getiren ykdysady çökgünliligini ýeňip geçmegiň mümkinçiliklerine üns berdiler.

Şeýle-de ministrler Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň ähmiýetini nygtamak bilen, onuň nobatdaky mejlisini geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

Taraplar energetika, ulag, oba hojalygy, ýeňil senagat, bilim we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem seretdiler.