Türkmenistanda sowadyjy ammarlaryň sany artdyrylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda sowadyjy ammarlaryň sany artdyrylar
Häzir hereket edýän 4 müň 450 tonna önüm saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlaryň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine sowadyjy ammarlary gurmak we durkuny täzelemek boýunça işleri maliýeleşdirmek üçin karz serişdeleri bölünip berler.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara anna güni Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirlen mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna Merkezi bankyň serişdeleriniň hasabyna sowadyjy ammarlary gurmak we durkuny täzelemek boýunça işleri maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini bermek tabşyryldy.

Ýylyň ähli döwründe ilaty gök önümler bilen üpjün etmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Bäherden, Balkan welaýatynyň Serdar etraplarynyň her birinde 2 müň tonna önüm saklar ýaly täze sowadyjy ammarlary gurmak hem-de häzir hereket edýän 4 müň 450 tonna önüm saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlaryň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzy 2020 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda Aşgabat şäherinde we welaýatlarda birinji tapgyrda 53 müň tonna önüm saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

2022