Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ýuridik şahslary hem-de maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba alyş bölümi arzalary kabul etmegiň awtomatlaşdyrylan ulgamyny ornaşdyrdy. Bu bolsa telekeçilere öz telekeçilik işlerini onlaýn görnüşinde hasaba almaga ýardam berer.
TDH-nyň penşenbe güni habar berşi ýaly, bu ulgam döwlet tarapyndan hasaba almak, gaýtadan hasaba almak we ýuridik şahslary aradan aýyrmak bilen baglanyşykly käbir amallaryň prosesini çaltlaşdyrar. Şeýle-de amala aşyrylýan hyzmatlar üçin tölegleri onlaýn görnüşde kabul etmegi guramak meýilleşdirilýär.
Täze ulgam hasaba alyş bölümleriniň işiniň derejesini we hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, artykmaç päsgelçilikleri aradan aýyrmaga hem-de hasaba alyş işlerinde raýatlaryň we ýuridik şahslaryň maddy hem-de fiziki çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda merkezi dolandyryş edara bilen hasaba almagyň welaýatlardaky bölümleriniň arasynda ýerli ulgam döredildi we işjeň hereket edýär. Munuň özi welaýatlarda we Aşgabatda düzümleýin bölümleriň arasynda resminamalary ylalaşmak ulgamyny ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik döretdi.
Ministrligiň resmi internet sahypasynda ýuridik şahslary hasaba alyş bölüminde kadalaşdyryjy resminamalar hem-de talap edilýän resminamalaryň sanawy, arzalaryň nusgalary ýerleşdirilendir.