Baýramaly şäherinde 150 iş orunlyk haly kärhanasy gurulýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Baýramaly şäherinde 150 iş orunlyk haly kärhanasy gurulýar
Kärhananyň işe girizilmegi bilen täze 150 iş orny dörediler.

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde halyçylyk kärhanasynyň häzirki wagtda gurluşyk işleriniň 4-den 3 böleginden gowragy, 78% ýerine ýetirildi.

“Türkmenistan” gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, binanyň gurluşygyny “Marynebitgazgurluşyk” trestiniň 5-nji gurluşyk-gurnama kärhanasy alyp barýar.

Şu güne çenli halyçylyk kärhanasynyň edara binasy hem-de önümhanasy bina edildi. Gurluşykçylar desganyň bellenen möhletde ulanmaga beriljekdigine ynanýarlar. Kärhananyň işe girizilmegi bilen täze 150 iş orny dörediler.

Şeýle hem Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda gurulýan Çeper halyçylyk kärhanasynyň täze binasynyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar.

Ýakyn wagtda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda we Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda hem häzirki zaman haly kärhanalarynyň açylmagyna garaşylýar.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň düzümine çeper halyçylyk kärhanalarynyň sekizisi degişli bolup, olar Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän 100-den gowrak halyçylyk bölümlerini we önümhanalary özünde jemleýär. Olarda 5 müňden gowrak halyçy zenan zähmet çekýär.

2022