Türkmenistanda polipropileniň we polietileniň önümçiligi artdyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda polipropileniň we polietileniň önümçiligi artdyrylýar
Gyýanly gazhimiýa toplumy ýylda 381 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenendir.

2020-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda polipropileniň önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 40,5% ýokarlanyp 71,1 müň tonna, polietileniň önümçiligi 140% ýokarlanyp, 137,4 müň tonna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň elektron gazeti çarşenbe güni habar berdi.

Bu depginli ösüş Balkan welaýatynyň Gyýanly gazhimiýa toplumynyň doly önümçilik kuwwatynda işlemegi bilen baglanyşyklydyr diýlip, habarda aýdylýar.

Gyýanly gazhimiýa toplumy häzirki wagtda “Türkmen enjam”, “Derýaplastik” hem-de “Eşretli kenar” ýaly polietilen we polipropilen önümlerini gaýtadan işleýän kompaniýalary çig mal bilen üpjün edýär.

Toplumyň gurluşygy “Türkmengaz” döwlet konserniniň şertnamasy esasynda Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Go.Ltd”, “LG International Corp” we Ýaponiýanyň “Toyo Engineering Corp” kompaniýalary tarapyndan bina edilip, 2018-nji ýylyň oktýabrynda işe girizildi.

Bu toplum ýylda 381 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenendir.