“Ter Önüm” hojalyk jemgyýeti gawun çipslerini öndürer

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ter Önüm” hojalyk jemgyýeti gawun çipslerini öndürer
Hoşboý ysly çig maly satyn almak maksady bilen daýhan hojalyklarynyň we hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň 300-den gowragy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

“Ter Önüm” hojalyk jemgyýeti gawun çipsleriniň önümçiligine badalga bermegi meýilleşdirýär. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti ýekşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň hünärmenleri golland bilermenleri bilen bilelikde çipsleri öndürmegiň täze tehnologiýasyny işläp taýýarladylar.

Hoşboý ysly çig maly satyn almak maksady bilen daýhan hojalyklarynyň we hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň 300-den gowragy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Önümçilik üçin Türkiýede öndürilen döwrebap enjamlar satyn alyndy we gurnaldy.

Şeýle hem “Ter Önüm” hojalyk jemgyýeti önümçilik işiniň dowamynda galýan gawunyň çigidinden gawun süýdüni öndürmegi meýilleşdirýär. Sagdyn iýmitlenmegiň tarapdarlarynyň arasynda meşhur bolan bu içgi dürli kokteýlleri taýýarlamakda giňden ulanylýar.

Ýurdumyzyň ýerli bazarlaryny gök önümler, miweler we guradylan ir-iýmişler bilen üpjün edýän iri “Ter Önüm” HJ Russiýa, Gazagystan, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly döwletlere hem öz önümlerini iberýär. Täze önümçiligine badalga berlenden soňra Germaniýa, Awstriýa, Fransiýa ýaly ýurtlar bilen hem eksporty ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022