Türkmenistanda banany ösdürip ýetişdirmek giňeldilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda banany ösdürip ýetişdirmek giňeldilýär
Ekerançy Merdan Hudaýberdiýew geçen ýyl banan agajynyň her düýbünden 35 kilograma çenli hasyl aldy.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ekerançysy Merdan Hudaýberdiýew öz hojalygynda banan ösdürip ýetişdirmegi ýola goýdy. Bu barada “Türkmen gündogary” gazeti sişenbe güni habar berdi.

M.Hudaýberdiýew Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ösdürilip ýetişdirilýän bananyň ösüntgilerini getirip 0,35 gektar ýerde dokuz düýp banan oturtdy hem-de geçen ýyl olaryň her düýbünden 35 kilograma çenli hasyl aldy.

Banan agajyny ösdürip ýetişdirmegiň syrlaryny ele alan halaçly ekerançy önümçiligiň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän “Ferhar” hojalyk jemgyýeti ilkinji bolup banany senagat möçberinde ösdürip ýetişdirmegi ýola goýdy. Hojalyk jemgyýetine degişli ýyladyşhananyň tutýan meýdany bir gektar bolup, ol eýýäm iki ýyl bäri  hasyl berýär.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň demirgazyk sebitindäki “Daşoguz” şypahanasyna degişli ýyladyşhanada 2019-njy ýylda ilkinji gezek banan hasyly alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022