Türkmenistanda paýly gurluşygyň obýektleri barada

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda paýly gurluşygyň obýektleri barada
Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy hasaba alnan mahalynda gurujy ygtyýarlyk berlen edara degişli arza bilen ýüz tutmalydyr.

“Paýly gurluşygyň obýektleri” diýip nämä düşünilýär?

“Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şular paýly gurluşygyň obýektleri bolup durýarlar:

  • öýler we bir öýli ýaşaýyş jaýlar;
  • köp öýli ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşýän sosial-medeni, administratiw, durmuş we söwda maksatly obýektler ýa-da olaryň aýratyn bölekleri;
  • aýratyn durýan sosial-medeni, administratiw, durmuş, söwda we önümçilik maksatly obýektler ýa-da olaryň aýry-aýry bölekleri.

Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy hasaba alnan mahalynda oňa nähili talaplar bildirilýär?

Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy hasaba alnan mahalynda gurujy ygtyýarlyk berlen edara degişli arza bilen ýüz tutmalydyr we şu aşakdaky resminamalaryň göçürme nusgalaryny bermelidir:

  • ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýer böleginiň berlendigi hakynda resminamanyň;
  • taslama beýannamasynyň;
  • gurluşyk-gurnama işlerini amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berlen ygtyýarnamanyň. Eger ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy gurujy tarapyndan öz güýji bilen amala aşyrylmaýan bolsa, ol ygtyýarlyk berlen edara gurluşyk-gurnama işleriniň ýerine ýetirilmegi üçin şertnama baglaşan potratçy guramanyň şeýle işleri amala aşyrmak üçin ygtyýarnamasynyň göçürme nusgasynyň;
  • gurujynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda şahadatnamanyň;
  • Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgytlar, ýygymlar we beýleki hökmany tölegler boýunça bergisiniň ýokdugy hakynda salgyt edaralarynyň kepilnamasynyň.

Ygtyýarlyk berlen edara zerur bolan halatlarda berlen resminamalaryň deňeşdirilmegi üçin bu resminamalaryň asyl nusgalarynyň berilmegini talap etmäge haklydyr.

Ygtyýarlyk berlen edaranyň ýokarda görkezilmedik resminamany talap etmäge haky ýokdur.

Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň hasaba alynmagy ygtyýarlyk berlen edara tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Çeşme: “Rysgal” gazeti, 07.09.2020

2022