“Samsung” dünýäde iň iri derman önümçilik zawodyny açar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Samsung” dünýäde iň iri derman önümçilik zawodyny açar
“Samsung Biologics” kompaniýasy dünýäbelli farmasewtik brendleri, şol sanda “Bristol Myers Squibb” we “Roche” üçin derman serişdelerini öndürýär. (Surat: «BusinessKorea»)

“Samsung” kompaniýasynyň derman önümlerini öndürýän “Samsung Biologics” bölümi bahasy 2 mlrd. amerikan dollaryna barabar bolan derman önümçilik kärhanasyny gurmakçy. Bu barada “Wall Street Journal” geçen hepde habar berdi.

“Super Plant” adyny alan “Samsung Biologics”-ň dördünji önümçilik kärhanasy 230 müň inedördül metr tutýan meýdany bilen dünýäde derman önümçiligi boýunça iň iri kärhana bolar.

Habarda bellenilişi ýaly, COVID-19 sebäpli ýüze çykan islegiň artmagy “Samsung” kompaniýasynyň bu çözgüde gelmegine getirdi.

“Samsung Biologics”-ň ýolbaşçysy Kim The-hanyň aýtmagyna görä, ilkibaşda kärhananyň tutýan meýdany has kiçidi, emma COVID-19 garşy bejergi almak üçin derman serişdelerine bolan isleg önümçilik kärhanasyny giňeltmäge iterdi. Geçen çärýekde kompaniýanyň önümçilik sargytlary geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende üç esse artyp, 1,5 mlrd. amerikan dollaryna barabar boldy.

Täze kärhanada önümçilige 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda başlamak meýilleşdirilýär.

2011-nji ýylda döredilen “Samsung Biologics” smartfonlary öndüriji kompaniýanyň düzüminde ýaş bölümdir. Kärhana dünýäbelli farmasewtik brendleri, şol sanda “Bristol Myers Squibb” we “Roche” üçin derman serişdelerini öndürýär.

 

2022