Türkmenistan – Ýaponiýa: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýokary derejede ara alnyp maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan – Ýaponiýa: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýokary derejede ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 21-23-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýa iş sapary.

Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barda TDH habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara giňişliginde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Dünýäniň hem-de sebitiň abraýly guramalarynyň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek hakynda aýdylanda, bilelikdäki tagallalar netijesinde, döwletara hyzmatdaşlygynyň strategik, durnukly we uzakmöhletli häsiýete eýe bolandygy bellenildi.

Türkmenistanda döwrebap nebitgaz we gazhimiýa toplumlaryny gurmak boýunça üstünlikli amala aşyrylan taslamalar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň durnukly ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biz geljekde hem ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň işlerini goldamak bilen, maýa goýum işjeňligi üçin amatly şertleri dörederis.

Sindzo Abe geljekde Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň wezipesini eýelejek ýolbaşçynyň hem ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegi dowam etjekdigine ynam bildirip, türkmen Liderine döwletara gatnaşyklaryna hem-de ýokary derejedäki hoşniýetli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna berýän ünsi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhümdigini nygtap, söhbetdeşler netijeli bilim hem-de ylym gatnaşyklaryny, şol sanda türkmen hünärmenlerini okatmak we taýýarlamak babatda gatnaşyklary has-da giňeltmek baradaky pikiri aýtdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022