Özbegistan “Nike” hem-de “Adidas” kompaniýalarynyň aýakgaplarynyň önümçiligini ýola goýmakçy. “O’zcharmsanoat” assosiasiýasynyň başlygy Fahriddin Boboýewiň “Экономическое обозрение” žurnalyna aýtmagyna görä, dünýäbelli brendleriň hem-de assosiasiýanyň arasynda ýurtda sport üçin aýakgaplary öndürmek barada ylalaşyga gelindi.
Boboýewiň sözlerine görä, Özbegistanda geljekde dünýä belli brendleriň egin-eşiklerini öndürmek üçin ýokary hilli deri çig malynyň ep-esli mukdary, şeýle hem amatly işçi güýji bardyr. Ol şeýle hem ýurduň meýilnamalarynda Özbegistany bu pudakda Merkezi Aziýanyň önümçilik merkezine öwürmek maksadynyň bardygyny belledi.
“Biz bazarlarymyza gelmeklerine ýol açyp, “Nike” we “Adidas” ýaly öňdebaryjy kompaniýalar bilen ylalaşyk gazandyk. “Outsourcing” şertlerinde “SinoInternational” zawodynda dünýäbelli brendleriň aýakgaplarynyň 3 million jübütini öndürmek meýilleşdirilýär” diýip, Fahriddin Boboýew aýtdy.
“Fibre2Fashion” saýtynyň habaryna görä, 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda Özbegistanyň egin-eşik we dokma önümleriniň eksporty 112% ýokarlanyp, 1 mlrd. amerikan dollaryna barabar boldy. Munuň şeýle bolmagyna täze bazarlara çykylmagy hem-de önümleriň görnüşleriniň artdyrylmagy ýardam etdi.