Amerikanyň “Apple” iri tehnologiýa kompaniýasy täze önümlerini köpçülige hödürledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Amerikanyň “Apple” iri tehnologiýa kompaniýasy täze önümlerini köpçülige hödürledi
“Apple Watch Series 6” sagatlaryň bahasy 399 ABŞ dollardan başlar. (Surat: “Apple”)

“Apple” kompaniýasy sişenbe güni özüniň “Apple iPad” hem-de “Apple Watch” önümleriniň täze görnüşlerini köpçülige hödürledi. Bu barada kompaniýanyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, akylly sagatlaryň “Apple Watch Series 6” täze görnüşi gök, altynsöw, kümüşsöw, çal-gara we gyzyl reňklerde satuwa çykarlar. Sagadyň bu görnüşinde dürli siferblatlar, şeýle hem ganda kislorodyň möçberini ölçeýän (Blood oxygen)sensory ýerleşdirilendir. Bu akylly sagatlaryň “Apple Watch SE” görnüşi hem satuwa çykarlar. Sagatlaryň bahalary 399 we 279 dollardan başlar.

Kompaniýa “iPad-yň” 8-nji neslini hem-de “A14 Bionic” prosessorly “iPad Air” satuwa çykardy. Bu önümleriň bahalary degişlilikde $329 we $599 başlar.

Mundan başga-da, kompaniýa ähli “Apple One” hyzmatlaryna ýeketäk ýazylşygy hem ýola goýdy. Olaryň hataryna “iCloud”, “Apple TV+”, “Apple Music”, “Arcade”, “News+” и “Fitness+” hyzmatlary girýär. Hyzmatyň bahasy her aýda bir adam üçin $15 ýa-da maşgala ýazylşygy her aýda $20 bolar.

Şeýle-de “Apple” “iOS 14” programma üpjünçiliginiň 16-njy sentýabrda elýeter boljakdygyny mälim etdi.

2021-nji ýylda kompaniýa “AirPods-yň” 3-nji neslini hem-de “AirPods Pro-nyň” täze görnüşini öndürmegi meýilleşdirýär.