“Biznes Türkmenistan” türk dilinde neşir edilip başlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Biznes Türkmenistan” türk dilinde neşir edilip başlandy
BT neşiri düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Google News” we Russiýada ýerleşýän “Yandex News” habar ulgamlary tarapyndan hem hasaba alyndy.

“Biznes Türkmenistan” (BT) internet neşiri habarlary we maglumatlary okyjylara dört dilde ýetirip başlady. Häzire çenli habarlary we täzelikleri türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edip gelýän saýt sentýabr aýyndan başlap türk dilini hem bu sanawa goşdy.

2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda açylan “Biznes Türkmenistan” gazeti geçen döwrüň dowamynda türkmen saýtlarynyň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýelemegi başardy. Şeýle-de BT dünýädäki saýtlaryň iň ygtybarly reýtingini düzýän “Alexa”-da Türkmenistanda iň köp peýdalanylýan saýtlaryň ilkinji onlugyna girýär.

“Biznes Türkmenistan” ýurtdaky we dünýäniň dürli künjeklerindäki okyjylara biznes maglumatlaryny, habarlary we seljermeleri yzygiderli ýetirip, ýola düşen kompaniýalary, täze döredilen kompaniýalary, maýa goýujylary, telekeçileri, importçylary, eksportçylary we sarp edijileri dürli ugurdaky habarlar, maglumatlar we ideýalar boýunça işjeň aragatnaşyga birikdirýär.

BT neşiri Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna çykarylýan harytlaryň kotirowkasyny, ýurtda hereket edýän kompaniýalarda döreýän boş iş orunlaryny, hususy kompaniýalar we döwlet edaralary tarapyndan yglan edilýän tenderleri, şeýle-de türkmen telekeçilerini gyzyklandyryp biljek ýerli we halkara sergileri baradaky habarlary çap edýär.

BT neşirine ýerli we halkara habar beriş serişdeleri, halkara guramalar hem-de dünýä ýurtlarynyň söwda we täjirçilik edaralary yzygiderli salgylanyp durýarlar.

BT neşiri düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Google News” we Russiýada ýerleşýän “Yandex News” habar ulgamlary tarapyndan hem hasaba alyndy.

BT “Facebook”, “Twitter”, “LinkedIn”, “Vkontakte”, “Instagram” ýaly sosial torlar arkaly öz maglumatlaryny ýerli we halkara okyjylara gündelik ýetirip durýar. Şol bir wagtda hem BT applikasiýasy “Play Market”-de we “App Store”-de elýeterli edildi.

2022