Özbegistanyň haryt-çig mal biržasynda Türkmenistanyň ECO-93 benzini satuwa çykaryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistanyň haryt-çig mal biržasynda Türkmenistanyň ECO-93 benzini satuwa çykaryldy
Türkmenistanda tebigy gazdan ЕСO-93 awtoulag benzininiň önümçiligi 2019-njy ýylda ýola goýuldy.

Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasynda Türkmenistanda öndürilýän ECO-93 benzini satuwa çykaryldy. Bu barada Özbegistanyň haryt-çig mal biržasynyň resmi saýtynda çarşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Nara-Komfort Servis” kompaniýasy awtoulag benziniň getirijisi hökmünde çykyş edýär. Haryt EXW (Özüň ýüki çykarmak) şertinde satylýar. Birža harydynyň 100 kilogram üçin başlangyç bahasy 600 müň suma ($58,71) deňdir.

Birža söwdalaryna gatnaşmak üçin biržada onlaýn akkreditasiýany geçmelidir hem-de “UzRHÇMB” paýdarlar jemgyýetiniň brokerleri bilen tabşyryk şertnamasyny baglaşmalydyr.

Türkmenistanda tebigy gazdan ЕСO-93 awtoulag benzininiň önümçiligi 2019-njy ýylda ýola goýuldy. Awtoulag ýangyjynyň bu görnüşi ulanylanda nebitiň esasynda çykarylan benzin bilen deňeşdirilende kükürt oksidiniň zyýanly zyňyndylary 50 esse, azot oksidi – 5 esse, uglerod oksidi – 2 esse, uglewodorod – 20%-e çenli azalýar.

Dürli çeşmeleriň maglumatyna görä, bir tonna benzin ortaça 1,293-1,370 litre barabardyr.

2022