Türkmenistan – Pakistan: ähli ugurda hyzmatdaşlyk giňeldilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan – Pakistan: ähli ugurda hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Türkmenistanyň we Pakistanyň Prezidentleri TOPH transmilli gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, söhbetdeşler syýasy ugurda, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler.

Şeýle hem söwda-ykdysady ulgamda özara gatnaşyklaryň okgunly häsiýeti aýratyn bellenildi, bu ugurda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk, hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň taslamasy strategik esasy düzýär. Häzir onuň türkmen bölegindäki gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Ýakynda bolsa Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda goňşy ýurduň çäginde işleri çaltlandyrmaga ýardam etjek TOPH-nyň owgan böleginde ýerleri saýlap almak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bellenilişi ýaly, bu iri taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi sebitiň ykdysady taýdan ösmegine täze itergi bermek bilen, biziň döwletlerimiziň hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da jebisleşdirip, parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şertine öwrüler.

Mundan başga-da, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň umumy ýagdaýyny hem-de haryt dolanyşygynyň depginini bilelikde düýpli öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şunda Hökümetara türkmen-pakistan topary öz işini görkezmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda onlaýn görnüşde onuň nobatdaky mejlisini geçirmegi teklip etdi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Arif Alwi Türkmenistanyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň geljekde-de ähli ugurda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny  tassykladylar.

2022