Beýik Britaniýa “arassa” energiýa geçmek işlerini tizleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Beýik Britaniýa “arassa” energiýa geçmek işlerini tizleşdirýär
Bu çäre Beýik Britaniýanyň gara ýollarynda elektrik awtoulaglarynyň artmagyny çaltlandyrar.

Beýik Britaniýanyň hökümeti 2030-njy ýyldan başlap gazylyp alynýan ýangyjyň esasynda hereket edýän täze awtoulaglaryň satuwyny gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada “РИА Новости” agentligine salgylanyp, TDH duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, arassa energiýa geçmek meýilnamasynda ozal 2040-njy ýyla çenli gadagan etmegi girizmek görkezilen bolsa, indi bu döwür on ýyl öňe süýşürildi.

Bu çäre Beýik Britaniýanyň gara ýollarynda elektrik awtoulaglarynyň artmagyny çaltlandyrar. Içki ýangyç hereketlendirijili awtoulaglaryndan ýüz öwürmek barada täze “ýol kartasynyň” sentýabryň ahyrynda mälim edilmegine garaşylýar.

Ýurduň Energetika ministri Kwasi Kwartengiň aýtmagyna görä, Hökümetiň 2050-nji ýyla çenli uglerod zyňyndysyz ykdysadyýeti döretmek wezipesinde hukuk binýat boljak energetika boýunça “ak kitap” şu ýylyň güýzünde çap ediler.

2025-nji ýylda Norwegiýa adaty hereketlendirijisi oturdylan awtoulaglary gadagan etmekde ilkinji döwlet bolar. Germaniýada, Irlandiýada we Niderlandlarda bu awtoulaglar 2030-njy ýyldan başlap, Fransiýada – 2040-njy ýyldan başlap gadagan ediler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022