Hytaý kompaniýasy Kabulda ýaşaýyş jaýlaryny gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý kompaniýasy Kabulda ýaşaýyş jaýlaryny gurar
Taslamanyň birinji tapgyrynda 21 gektar ýerde 56 sany bäş gatly ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak meýilleşdirilýär.

Kabulda Owganystanyň Prezidenti Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda 1,400 sany öýden ybarat bolan ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak boýunça şertnama gol çekildi. Bu barada owgan köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanyp, “ORIENT.tm” habar agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, resminama Owganystanyň Şäher ösdüriş we ýer serişdeler ministrliginiň hem-de Hytaýyň “MCC 19” kompaniýasynyň wekilleri gol çekdiler.

Taslamanyň birinji tapgyrynda 21 gektar ýerde 56 sany bäş gatly ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu toplum 280 sany dört otagly, 560 sany üç otagly hem-de 560 sany iki otagly ýaşaýyş jaýlaryndan ybaratdyr. Jaýlar Owganystanyň döwlet işgärlerine paýlanyp berler.

Umumy bahasy 71 million amerikan dollaryna barabar bolan taslamanyň birinji tapgyry üç ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bina ediler.