Eýran Hazarda gämi gatnawlaryny artdyrmak maksady bilen Ähtnama gol çekdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran Hazarda gämi gatnawlaryny artdyrmak maksady bilen Ähtnama gol çekdi
Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasynda yzygiderli gämi gatnawlarynyň ýola goýulmagy Ähtnamanyň esasy bentleriniň biridir.

Eýranyň Portlar we deňiz gämi gatnawlary boýunça guramasynyň (PMO) hem-de Hazar sebitinde iş alyp barýan daşary ýurt gämi gatnawlary boýunça kompaniýalarynyň biriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Resminamanyň esasy wezipeleriniň biri Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasynda yzygiderli gämi gatnawlaryny ýola goýmak bolup durýar. Bu barada Guramanyň sişenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi.

Resminama gol çekmek dabarasynyň dowamynda PMO-nyň portlar we ykdysady meseleler boýunça ýolbaşçysynyň orunbasary Farhad Montaser Kuşari Ähtnamada Hazar deňzinde “Ro-Ro” kysymly gämilerde ýük daşamalarynyň giňeldilmeginiň nygtalýandygyny belledi.

GDA döwletlerinde we Kawkaz sebitinde guryýer ýük ulaglarynyň girmegine hem-de üstaşyr geçmegine çäklendirmeleri hasaba alyp, F.Kuşari häzirki deňiz ulagynyň kuwwatyny hem-de Amirabad we Nowşahr portlaryndaky “Ro-Ro” kysymly gämileri ulanmak ulag hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini aýtdy.

“Demirgazyk portlary doly kuwwatda ulanmak maksady bilen iş topary döredildi. Iş toparyň düzümine Hazar deňzinde iş alyp barýan Halkara ulag assosiasiýasynyň, Ulag-üstaşyr guramasynyň baş müdirliginiň, kompaniýalaryň we gämi gatnawlarynyň wekilleri girdi. Ähtnama Hazarýaka döwletleriniň arasynda deňiz gatnawlarynyň  ösdürilmegine  gönükdirilendir diýip, F.Kuşari nygtady.

Mundan başga-da, Ähtnamada demirgazyk portlarda ähli hyzmatlar üçin – port töleglerine, gämiler üçin çykdajylara, “Ro-Ro” kysymly gämileriniň duralgasy üçin tölege 80 göterim arzanladylmagy göz öňünde tutulan.