Hytaý we Indoneziýa maliýe hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý we Indoneziýa maliýe hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar
Indoneziýanyň we Hytaýyň häkimiýetleri bu hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn maliýe gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň esasy hökmünde garaýarlar.

Hytaýyň Halk bankynyň dolandyryjysy I Gan we Indoneziýa bankynyň dolandyryjysy Perri Wardjiýo ikitaraplaýyn söwda geleşikleriniň töleglerini amala aşyrmak üçin ýerli walýutalary ulanmagy höweslendirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar.

TDH-nyň REGNUM habar agentligine salgylanyp, habar berşi ýaly, ylalaşyk özara düşünişmek hakynda Ähtnamada beýan edildi, oňa çarşenbe güni gol çekildi.

Resminama laýyklykda, banklar söwda amallary we maýa goýumlary boýunça tölegleri ýerli walýutalarda hasaplaşygy höweslendirmek barada ylalaşdylar. Şeýle-de bu ylalaşyk walýuta hümmetiniň göni nyrhlaryny we bankara söwdasynda ýuany we rupiýany ulanmagy hem öz içine alýar.

Indoneziýanyň we Hytaýyň häkimiýetleri bu hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn maliýe gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň esasy hökmünde garaýarlar.

2022