Halajyň nah-ýüplük egriji fabriginiň eksporty 9 million manada golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Halajyň nah-ýüplük egriji fabriginiň eksporty 9 million manada golaýlady
Halajyň nah-ýüplük egriji fabriginde öndürilýän önümlere Russiýa, Türkiýe we Polşa ýaly döwletler uly isleg bildirýär.

Halajyň nah-ýüplük egriji fabriginde şu ýylyň başyndan bäri 25 million manatlykdan gowrak önüm öndürilip, onuň 9 million manatlyga golaýy daşary ýurtlara eksport edildi.

“Türkmen gündogary” gazetiniň şenbe güni habar berşi ýaly, fabrikde öndürilýän önümlere Russiýa, Türkiýe we Polşa ýaly döwletler uly isleg bildirýär. Şeýle-de geçen ýylda fabrik boýunça meýilleşdirilen 31 million 430 müň manatlygyň ýerine 41 million 293 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük öndürildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynda uly özgertmeler amala aşyrylyp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dükanlary açylýar. Şeýle-de hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda ministrlige degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwaty artdyrylýar.

Mundan başga-da, ýurdumyzda ýüplük önümçiliginde esasy çig mal bolup durýan pagtanyň hem önümçiligi artdyrylýar. Bu ugurda şu ýyl gowaça ekilen ýerleriň umumy meýdany 550 müňden 620 müň gektara çenli giňeldilip, şonça meýdandan “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda fabrikleriň täzelerini gurmaga we ozal hereket edýänleriniň durkuny täzelemäge ABŞ-nyň 2 milliard dollaryna golaý pul maýa goýuldy. Otuzdan gowrak maýa goýum taslamalary amala aşyrylyp, şolaryň netijesinde, öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap kärhanalaryň onlarçasy ulanmaga berildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022