“Ferhar” banan hasylyny ýygnamaga başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ferhar” banan hasylyny ýygnamaga başlady
“Ferhar” hojalyk jemgyýeti geçen ýyl bananyň 50 tonna golaý hasylyny aldy.

“Ferhar” hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda ýetişdirilen bananyň hasylyny ýygnamaga girişildi. Bu barada “Bereketli toprak” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Neşiriň habar bermegine görä, 1 gektar meýdanda oturdylan 2 müň düýp banan agaçlaryndan 60 tonna golaý hasyl almak meýilleşdirilýär.

Hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda bananyň “Grande-Nine” görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Bananyň bu görnüşi çalt ösýändigi bilen tapawutlanyp, ol 8-9 aýda gülleýär we miwe çykarýar. 2.5-3 aýyňda dowamynda banan miweleri doly ýetişýär. Her düýp agaçdan 40-50 kilograma barabar miwe alyp bolýar.

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän “Ferhar” hojalyk jemgyýeti geçen ýyl bananyň 50 tonna golaý hasylyny aldy.