Türkmen kompaniýasy süýt önümleriniň önümçiligini giňeltmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy süýt önümleriniň önümçiligini giňeltmekçi
Kärhananyň ýanynda “Akmaýa” atly söwda nokady hem hereket edýär.

“Süýt” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (ÝGPJ) önümçilik kärhanasynda her çalşykda 10 tonnadan 20 tonna çenli süýt gaýtadan işlenilýär. Kärhananyň her günde öndürýän önümleri býujet edaralaryna hem-de paýtagtymyzyň söwda nokatlaryna iberilýär.

“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň anna güni habar berşi ýaly, kärhanada“Akmaýa” haryt nyşanly pasterizirlenen süýt, gatyk, gaýmak, aýran, uýadylan gaýmak, “Şapak” we “Prezident” atly mesge ýagy, “Ýaýla” atly duzly peýnir we peýnir, süzme, dorag we dürli goşundyly dorag önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýär.

Şeýle-de kärhananyň ýanynda “Akmaýa” atly söwda nokady hem hereket edýär. Bu ýerde sarp edijiler öndürilýän önümleriň hiline we tagamyna baha berip bilerler.

 “Süýt” ÝGPJ önümçiligi giňeldip, önümleriň görnüşlerini artdyrmagy meýilleşdirýär.

Aşgabat şäheriniň süýt kombinaty 1981-nji ýylda esaslandyrylyp, ol 1997-nji ýylda “Süýt” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüldi.

2022