“Apple” täze “iPhone”-nyň dört görnüşi bilen tanyşdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Apple” täze “iPhone”-nyň dört görnüşi bilen tanyşdyrdy
“Apple Inc.” kompaniýasynyň Baş direktory Tim Kuk ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Kupertino şäherinde täze “iPhone 12 Pro” önümi bilen tanyşdyrdy. (Surat: “Reuters”)

“Apple Inc.” kompaniýasy sişenbe güni 5G aragatnaşyk ulgamly hem-de “iPhone 4”-iň dizaýnyna çalymdaş “iPhone 12” smart telefonlarynyň dört görnüşini köpçülige hödürledi.

Kompaniýanyň Baş direktory Tim Kuk ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Kupertino şäherinde ýerleşýän baş binasynda täze “iPhone 12” önümi bilen tanyşdyrdy. Tanyşdyrylyş dabarasy onlaýn görnüşinde ýaýlym edildi.

Kompaniýanyň sişenbe güni ýaýradan metbugat beýanatyna görä, ekrany 6.1 dýumly “iPhone 12” $799, onuň ekrany 5.4 dýumly “Mini” görnüşi $699 bahadan satylar. Üç kameraly we “3-D LIDAR” sensorly “iPhone 12 Pro” görnüşi $999, iň uly “Pro Max” görnüşi $1,099-$1,399 aralygynda satylar.

Täze iPhone smart telefonlarynyň ekranlarynda “Apple”-iň “Corning” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda ekranyň berkligini dört esse artdyrýan “Ceramic Shield” tehnologiýasy oturdyldy. “iPhone 12” hem-de onuň “iPhone 12 Mini” görnüşleri gök, ýaşyl, gyzyl, ak we gara ýaly bäş reňkde bolar, “iPhone 12 Pro” hem-de “iPhone 12 Pro Max” görnüşleri bolsa grafit, kümüşsöw, altynsöw we gök reňklerde bolar.

“Apple”-iň täze “iPhone” smart telefonlarynda kompaniýanyň täze “A14 Bionic” prosessorlary oturdylandyr. Kompaniýanyň belleýşi ýaly, bu prosessor 5-nanometrlik tehnologiýany ulanmak bilen döredilip, ol telefonyň işjeňligini ýokarlandyrýar.

Kompaniýa “iPhone”-nyň täze görnüşleriniň toplumyndan gulaklary hem-de zarýad beriji adaptoryny aýyrar. Bu bolsa daşky gurşawa bolan zyýany peselder.

“Apple” şeýle hem “HomePod Mini” smart ses çykaryjy enjamy bilen tanyşdyrdy. Bu önümiň bahasy $99 bolup, ol 16-njy noýabrdan satuwa çykarylar.