“Gudratly Mekan” izogam önüminiň eksportyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gudratly Mekan” izogam önüminiň eksportyny artdyrýar
“Gudratly Mekan” hojalyk jemgyýeti şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda izogam önüminiň 419 müň 900 inedördül metrini eksport etdi.

Türkmenistanda bazar ykdysadyýetine ulgamlaýyn we tapgyrlaýyn geçilýär, ol bolsa daşary ýurtlardan getirilýän onümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini giňeltmek, içerki bazary Diýarymyzda öndürilýän daşary ýurtlaryň ugurdaş harytlary bilen bäsdeşlige ukyply ýokary hilli harytlar bilen doldurmak, hususy ulgamyň paýynyň artdyrylmagynyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça wezipeleriň çözülmegi bilen birlikde alnyp barylýar. 

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda penşenbe güni habar berlişi ýaly, “Gudratly Mekan” hojalyk jemgyýeti şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda izogam önüminiň 419 müň 900 inedördül metrini eksport etdi. Bellenilişi ýaly, bu brendiň önümleri esasan Owganystanyň, Özbegistanyň we Gruziýanyň bazarlaryna iberilýär.

Kompaniýa izogam önüminiň 2.5 mm-den 4.0 mm çenli bir gatlakly we iki gatlakly (aýna süýüm/poliester) dürli görnüşlerini,  şeýle hem daşky gatlagy poliester we alýumin folgaly önüm öndürýär.

“Gudratly Mekan” hojalyk jemgyýeti 2011-nji ýylda döredilip, ol izogamyň önümçiliginden başga-da, ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-okuw merkezleriniň, sport desgalarynyň taslamalaryny düzmek we olary bina etmek, şeýle-de ýol gurluşyk işlerini ýerine ýetirýär.

2019-njy ýylyň netijeleri boýunça, Türkmenistanda öndürilen önümleriň umumy möçberinde hususy ulgamyň paýy 65,3%-e deň boldy. Senagatda bu görkeziji 56%-den geçdi, gurluşykda we söwdada degişlilikde 77,4%-den we 93,5%-den gowrak boldy.

2022