Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) döwlet bilen özara gatnaşygy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) döwlet bilen özara gatnaşygy
Özüniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Söwda-senagat edarasy tarapyndan berlen ýuridik resminamalar Türkmenistanyň ähli çäginde ykrar edilýär.

Döwlet Söwda-senagat edarasynyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün edýär, onuň işine goldaw berýär, oňa salgytlar babatda we beýleki ýeňillikleriň hem-de artykmaçlyklaryň berilmegini kanunçylyk taýdan düzgünleşdirýär.

“Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy” hakynda Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulanlardan başga halatlarda döwletiň Söwda-senagat edarasynyň işine gatyşmagyna we Söwda-senagat edarasynyň döwletiň işine gatyşmagyna, döwlet edaralarynyň wezipeleriniň Söwda-senagat edarasynyň üstüne ýüklenilmegine ýol berilmeýär.

Şeýle-de Söwda-senagat edarasy döwlet edaralary bilen ylalaşyklary baglaşmak arkaly hyzmatdaşlyk we arkalaşykly hereket edip hem-de döwlet edaralary bilen şertnamalar boýunça olar üçin belli bir işi ýerine ýetirip biler.

Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda Söwda-senagat edarasynyň bähbitlerine dahylly meseleler Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagy ýa-da onuň bilen ylalaşylmagy boýunça döwlet edaralary tarapyndan çözülýär.Söwda-senagat edarasynyň diwanynyň işgärlerine Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, şeýle hem ilaty durmuş taýdan goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy degişlidir.

 

TSSE-niň hukuklary

TSSE öz Tertipnamasynda kesgitlenilen maksatlary we wezipeleri amala aşyrmak üçin şu aşakdakylara hukugy bardyr:

  • döwlet edaralarynda öz agzalaryna wekilçilik etmäge we olaryň kanuny bähbitlerini goramaga;
  • Türkmenistanda, şeýle hem onuň çäginden daşarda gozgalýan we gozgalmaýan emlägi edinmäge, aýrybaşgalamaga, kärendesine almaga we kärendesine bermäge;
  • Türkmenistanda we daşary ýurt döwletlerinde kärhanalary we edaralary döretmäge, şeýle hem gatyşyk söwda-senagat edaralaryny, bilelikdäki kärhanalary, söwda öýlerini esaslandyrmaga;
  • Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ykdysady jedelleri çözmek üçin Halkara täjirçilik arbitražyny döretmäge;
  • Söwda-senagat edarasynyň şahamçalaryny we wekilliklerini, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda açmaga;
  • gazetleri, žurnallary we beýleki neşir önümlerini çap etmäge;
  • Söwda-senagat edarasy Tertipnamasyna laýyklykda “Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy” hakyndaky Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna garşy gelmeýän başga ygtyýarlyklary amala aşyrmaga.

Mundan başga-da, özüniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Söwda-senagat edarasy tarapyndan berlen ýuridik resminamalar Türkmenistanyň ähli çäginde ykrar edilýär.

TSSE-niň borçlary

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy şulara borçludyr:

  • Türkmenistanyň kanunçylygyny, şeýle hem özüniň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan düzgünleri berjaý etmäge;
  • hemişelik hereket edýän ýolbaşçy düzüminiň hakyky ýerleşýän ýerini, onuň adyny we Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary hakyndaky maglumatlary
  • Edara görnüşli taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizilýän maglumatlaryň mukdarynda görkezmek bilen, öz işi, edaranyň ady, ýolbaşçy edaranyň ýerleşýän ýeri, Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary hakynda maglumaty Türkmenistanyň Adalat ministrligine bellenilen möhletlerde bermäge;
  • Türkmenistanyň Adalat ministrligine Tertipnamasyndaky üýtgetmeler we goşmaçalar hakynda maglumaty bermäge;
  • Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde buhgalterçilik hasaba alnyşy ýöretmäge, statistik hasabatlylygy bermäge, salgyt geçirmelerini amala aşyrmaga we döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy üçin pensiýa gatançlaryny tölemäge.