“Muhammet Balkan” buýurmalar esasynda dürli görnüşli halylary taýýarlaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Muhammet Balkan” buýurmalar esasynda dürli görnüşli halylary taýýarlaýar
100% poliesterden ybarat halylaryň ýylylygy gowy saklaýandygy, antibakterial häsiýeti we arassalamakda amatlydygy esasy aýratynlyklarydyr.

“Muhammet Balkan” hojalyk jemgyýeti düzümi 100 % poliesterden ybarat bolan “Nowruz haly” sintetik halylarynyň önümçiligini alyp barýar.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän haly kärhanasynyň gündelik önümçilik kuwwatlylygy 5 müň inedördül metre deňdir. Bu ýerde ýaşaýyş jaýlary, iş otaglary, myhmanhanalar, teatrlar we beýleki dürli maksatly binalar üçin ýokary hilli sintetik halylar öndürilýär.

Bu ýerde ýörite buýurmalar esasynda dürli ölçeglerdäki we görnüşlerdäki birnäçe halylar öndürilýär. Taýýar önümler Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen “Nowruz haly” dükanynda ilata ýetirilýär.

100 göterim poliesterden ybarat halylaryň ýylylygy gowy saklaýandygy, antibakterial häsiýeti, arassalamakda amatlydygy we elýeterlidigi esasy aýratynlyklarydyr diýip, habarda aýdylýar.

2017-nji ýylda haly önümçiligini ýola goýan “Muhammet Balkan” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik düzümine “Aksuw deri” haryt nyşanly deri önümleri we “MB SHOES” haryt nyşanly aýakgap önümleri hem girýär.

2022