Türkmenistan-Russsiýa: gatnaşyklaryň ösdürilişinde oňyn depgin ýüze çykýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Russsiýa: gatnaşyklaryň ösdürilişinde oňyn depgin ýüze çykýar
Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary: “Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Russiýa pandemiýa döwründe ynsanperwer kömegini ugradan ýeke-täk döwletdir.” (Surat: Astrakhan.su)

Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň halkara işleri boýunça komitetiniň duşenbe güni geçirilen mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Russiýa koronawirus pandemiýasy döwründe pul hasabynda 1 million amerikan dollaryna barabar ynsanperwer kömegini ugradandygy bellenildi. Bu barada TASS habar agentligi habar berýär.

“Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Russiýa pandemiýa döwründe ynsanperwer kömegini ugradan ýeke-täk döwletdir. Türkmenistan Russiýanyň Astrahan oblastyna azyk harytlaryndan, nebit önümlerinden hem-de beýleki harytlardan ybarat, umumy bahasy 1 million amerikan dollaryna barabar ynsanperwer kömegini ugratdy” diýip, Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko aýtdy.

Rudenkonyň nygtamagyna görä, häzirki wagtda Türkmenistan we Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde has oňyn netijeler gazanylýar. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň artmagyna hem öz täsirini ýetirýär.

2019-njy ýylda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanşygy 694 million 797 müň amerikan dollaryna golaý bolup, bu görkeziji 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 56.47% ýokary boldy. 2020-nji ýylyň jemi boýunça iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygy 1 milliard amerikan dollaryndan geçmegine garaşylýar.

2022