Türkmenabatdan nah ýüplügiň 6,5 müň tonnadan gowragy eksporta ugradyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabatdan nah ýüplügiň 6,5 müň tonnadan gowragy eksporta ugradyldy
Türkmen nah ýüplükleri BAE-niň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň arasynda uly islegden peýdalanýar.

Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde taýýar önümleri eksport etmekde ýokary netijeler gazanylýar. Kärhana şu ýylyň başyndan bäri daşary ýurtlara nah ýüplükleriň 6 müň 595 tonnasyny iberdi.

“Türkmen gündogary” gazetiniň şenbe güni habar berşi ýaly, fabrikde şu döwre çenli ýüplükleriň jemi 7 müň 315 tonnasy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 108%-den gowrak ösüş depgini gazanyldy.

Türkmen nah ýüplükleri BAE-niň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň arasynda uly islegden peýdalanýar. Şeýle-de dokma önümleri ýurdumyzyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ýörgünli harytlaryň biri bolup durýar.

Ýurdumyzyň dokma senagatynyň 80-den gowrak çig maly gaýtadan işleýän kärhanalary bolup, olar önümleriň 55%-den gowragyny daşary ýurda eksport etyär. Şeýle-de bu pudakda 26 müňe golaý adam zähmet çekýär.