Türkmenistan milli brendleriň sanawynyň ilkinji ýüzlügine girdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan milli brendleriň sanawynyň ilkinji ýüzlügine girdi
Türkmenistan “Brand Finance” kompaniýasynyň 2020-nji ýyl üçin 100 sany milli brendler reýtinginde 81-nji ýeri eýeleýär.

Türkmenistan audit hem-de brendleri bahalandyrmak pudagynda ýöriteleşen “Brand Finance” britan halkara konsalting kompaniýasynyň 2020-nji ýyl üçin 100 sany milli brendler reýtingine girdi (Brand Finance Nation Brands 2020). Ýurdumyz bu sanawda 81-nji ýeri eýeleýär. Bu barada “ORIENT.tm” habar agentligi ýekşenbe güni habar berdi.

“Brand Finance” kompaniýasynyň milli brendler reýtingi dürli görkezijileri öz içine alýar, şol sanda JIÖ-i, maýa goýum we syýahatçylyk boýunça özüne çekijiligi, ýurduň syýasatyny we söwda düzgünlerini, sosial-durmuş ugurlaryny we beýlekileri.

Reýtingi düzüjileriň aýtmagyna görä, brendiň ýagdaýy ýurduň abraýyna, onuň tanalyşyna, şeýle-de ýurduň dünýä ykdysadyýetinde bäsdeşlik we ösüş ukybyna gönüden-göni täsir edýär.

Bellenilişi ýaly, reýtingi düzmekde “Brand Finance” döwlet statistikasynyň maglumatlarynyň hem-de halkara institutlary tarapyndan yzygiderli ýerine ýetirilýän derňewleriň netijeleriniň kombinasiýasyny ulanýar. Reýting işleri Menejment instituty (Institute of Management Development) hem-de Bütindünýä ykdysady forumy (World Economic Forum) ýaly halkara guramalary bilen bilelikde alnyp barylýar.

“Brand Finance” her ýyl geçirýän seljermeleriniň netijelerine görä, 2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasy sebäpli ýurtlar boýunça 100 sany gymmat brendleriň bahasy 13,1 trillion amerikan dollaryna çenli peseldi.

Reýtingi düzýän ilkinji 10 ýurduň arasynda brendiň bahasy ortaça 14% peseldi. Şol bir wagtyň özünde ABŞ we Hytaý iň gymmat brend-ýurtlary boldy.

“Brand Finance” ýurtlarda telekeçiligi bahalandyrýan garaşsyz kompaniýadyr. Kompaniýa brend ýa-da maddy däl aktiwli guramalara öz brendlerini we dürli emläklerini netijeli dolandyrmak arkaly olaryň bahasyny ýokarlandyrmak boýunça maslahatlary berýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022